- oýluk
- 1[o:ýluk]Geografiýa Oý ýer, peslik, çöketlik.∙ Bu oýlukda duran ýeriňden diňe aňňat-aňňat depelerden aşyp gelýän maldarlada gözüň düşýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Oýluklarda ýekegapanlar hem bar. («Mydam Taýýar» gazeti)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem oýluk - oýlugy.2[o:ýluk]Sowukdan goranmak üçin egne atylýan, keçeden tikilen ýeňsiz geýim, ýapynja.∙ Wüşi kel çopanyň oýlugyny egnine geýip, odun başyna geldi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Nurýagdy bolsa aşagyna sazak -selen düşäp, oýluga dolanyp oturan ekeni. («Mydam Taýýar» gazeti)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem oýluk - oýlugy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.